Soňky habarlar

Arhiw

Lebabyň teatrynda çagalar üçin baýramçylyk sahna eseri taýýarlanylýar

17:4219.12.2019
0
1053

Şu ýyl «Kabyl bilen Abyl», «Myhmanhanadaky başagaýlyk», «Sogap» ýaly sahna eserlerini tomaşaçylara hödürlän Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Täze ýyl baýramy mynasybetli «Syçanyň toýy» atly çagalar üçin gyzykly tomaşa sahnalaşdyrylýar. Edebi esasy tetryň hünärmeni Rejepgül Döwletowa tarapyndan ýazylan eseri Döwlet Hemraýew sahnalaşdyrýar. Oňa teatryň ýaş artistrleriniň biri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Döwran Joraýew ýardam berýär.

2020-nji ýylyň gündogar senenamasynda syçan ýyly bolmagy mynasybetli goýulýan eserde baş gahryman syçanyň keşbini Gülşat Amandurdyýewa ýerine ýetirýär. Şeýle hem pişikleriň keşbi Bossan Ýazjumaýewa bilen Leýla Rahmanowa, Aýazbabanyň keşbi Döwran Joraýewe, Garpamygyň keşbi Meňlitäç Döwletowa,Ýemşijegiň keşbi bolsa Aýna Rozyýewa ynanyldy. Teatrymyzyň beýleki artistleri hem täze eserde keşpleri döretmäge gatnaşýarlar.

Eseri ilkinji gezek 21―22-nji dekabrda görkezmek meýilleşdirilýär. Şondan tä mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi tamamlanýança çagalar üçin niýetlenilen «Syçanyň toýy», «Aýazbabanyň sowgatlary», «Gorkak towşanjyk», «Alabaýyň dostlary» ýaly sahna eserleri bilen gezekleşdirilip görkeziler.

Teatrymyzyň döredijilik topary uly ýaşly tomaşaçylary hem ýatdan çykaranok. 29-njy dekabrda boljak aýdym-sazly dabara başdanaýaga Täze ýyl baýramyna bagyşlanar. Onda tomaşaçylary ilkinji gezek ýerine ýetiriljek täze aýdymlar bilen bilelikde gyzykly degişme sahnalarynyň tomaşaçylary bolup bilerler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň