Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygy bilen tanyşdy

23:4017.12.2019
0
7887

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde goýlan tehnikalaryň nusgalary bilen tanşyp, gurluşyk meýdançasynyň çäginde ýörite ornaşdyrylan çadyra bardy. Şol ýerde Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagyň çyzgylary ýerleşdirilen planşetler goýlupdyr. Şolar gurluşygyň möçberleri, tapgyrlary hem-de aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti görkezilen taslamanyň çyzgylarynyň her biri bilen içgin gyzyklanyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra milletiň Liderine awtobany çekmegiň tehnologik işi barada aýdyň düşünje berýän wideoşekiller görkezildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyň tapgyrlary bilen içgin gyzyklanyp, bu taslama durmuşa geçirilende, ýollary gurmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunda amala aşyrylýan işleriň hiliniň halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmek esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çadyrdan çykyp, gurluşyk işleriniň barşy hem-de ýol gurmak işinde ulanylýan serişdeleriň hili bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ýörite satyn alnan demrikdiriji maşynlaryň birine münüp, onuň tehniki we ulanyş häsiýetleri bilen gyzyklandy. Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň biriniň öndüren bu demrikdiriji maşyny şeýle tehnikalaryň täze nesline degişlidir hem-de tygşytlylyk we ekologiýa babatda öňdäki hatarda durýar. Onda ýörite ulgam ornaşdyrylypdyr. Bu tehnologiýa özüne awtomatik usulda ölçeýjileri hem-de gözegçiligi birleşdirýär.

Soňra döwlet Baştutany Aşgabat — Türkmenabat awtobanyna asfalt düşemegiň tehnologiýasy hem-de gurluşyk serişdeleri, ýörite ölçeýji abzallar bilen tanyşdy. Milletiň Liderine şeýle hem yşyklandyryş ulgamynyň, bölüji zolagyň gurluşlarynyň hem-de awtobanyň gapdal germewleriniň nusgalary görkezildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň