Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabady ösdürmegiň täze tapgyrynda gurulýan söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

23:4017.12.2019
0
3883

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulýan söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy blen tanyşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy ýygnandylar ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň 2018-nji ýylyň 16-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desga Tähran köçesiniň ugrunda «Beýik — Bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýar.

Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň önümçilik binýadynyň innowasion ulgamyny, türkmen şähergurluşygynyň we binagärliginiň maddy-enjamlaýyn mümkinçiliklerini, kemala gelýän döwrebap şäher we ulag düzümini beýan edýän sergi görkezildi.

Döwlet Baştutany eksponatlar bilen tanşyp, ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda diňe ýokary talaplara hem-de standartlara laýyk gelýän önümleriň ulanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ç.Purçekowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe, gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimowa anyk tabşyryklar berildi.

Soňra döwlet Baştutany planşetler bilen tanyşdy. Şolarda Söwda we dynç alyş merkeziniň, ýakyn wagtda paýtagtymyzyň künjekleriniň birinde gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap söwda toplumynyň çyzgylary ýerleşdirildi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasy barada durup geçip, şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny guramagyň sazlaşykly bolmagynyň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolmalydygyny belledi. Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir, şol hyzmatlar bolsa elýeterli bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ç.Gylyjowa gözegçilik edýän edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça anyk görkezmeler berildi.

Bu iri desganyň tehnologik derejesi, şol sanda dünýäde meşhur kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmegi esasy talaplaryň biri bolup durýar diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň