Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň Turgundy şäherine Türkmenistan tarapyndan berlen transformatorlar eltildi

22:3017.12.2019
0
5781

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy ― TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde berilýär. Bu goňşy ýurtda ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýola goýmakda, şeýle hem ýurdumyzyň ugradýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde geçirilen dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagyna uly goşant goşýar.

Dostlukly ýurduň wekilleri ynsanperwer kömek hökmünde gelip gowşan kuwwatly transformatoryň owgan halkyna ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna Owganystanda asuda durmuşy berkarar etmek babatda berilýän yzygiderli goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň