Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde görnükli aýdymçylaryň konserti boldy

22:1117.12.2019
0
21715

Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Ýazmämmedowyň, Zylyha Kakaýewanyň, aýdymçylar Gülşirin Öwezmämmedowanyň, Eldar Ahmedowyň, Rahman Hudaýberdiýewiň konserti boldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.  

Türkmenistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedow «Könegüzer», «Ak ýüzli Maralym», «Dilber», «Nowgül», zehinli aýdymçy Gül şirin Öwezmämmedowa«Suw ber, içeli!», «Ýar onda aglar» ýaly türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirenlerinde diňleýjiler hem şol aýdymlaryň ruhuna girip, lezzet aldylar. Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewanyň «Türkmenistan», «Arkadag», «Ýagyş ýagýar», «Yhhymmyl», «Şykga-şykga bilezik», «Sazanda ýarym», «Gelsene, ýar!», «Bala» ýaly aýdymlaryny ýatdan bilýän höwesjeňler aýdymçynyň özi bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Aýdymlary we gelşikli milli lybaslary bilen muşdaklarynyň ýüreklerinde orun tapan güler ýüzli, süýji sözli aýdymçynyň diňleýjiler bilen ýürekdeşligi bolsa, bu günki konsertiň täsirliligini has-da artdyrdy.

Gursagynda juwanlyk hyjuwy joşup duran ýaşlaryň iň söýgüli aýdymçysy Eldar Ahmedowyň «Arkadag», «Gelsin», «Gitme», «Söýgi», «Aşyk men», «Owadan sen», «Gözelim» ýaly aýdymlaryny diňlänler öz ruhy joşgunlaryny owadan tanslaryň üsti bilen aňlatdylar. Zehinli aýdymçy Rahman Hudaýberdiýewiň aýdymlaryny diňleýjiler hem bilelikde ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň