Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

03:4817.12.2019
0
6573

16-njy dekabrda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine sebitleri we paýtagtymyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, göni wideoaragatnaşyga ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Ol Birleşen Milletler Guramasyndan, BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) gelip gowşan hoş habary mälim etdi.

Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şunda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda türkmen halkynyň şanly taryhyny öwrenmek hem-de örän baý medeni mirasyny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň iri düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu hoş habar bilen gutlady.

Milli Liderimiz bu taryhy wakanyň ähmiýeti barada aýdyp we maslahata gatnaşyjylara, watandaşlarymyza hem-de halyçylyk pudagynyň zähmetkeşlerine ýüzlenip, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza şatlykly habarlaryň ýene-de biriniň gelip gowşandygyny belledi.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şu taryhy ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlap, bu wakanyň ýurdumyzyň zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde, Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» şadessany we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylarynyň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz belledi.

Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýran edýän halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan haly gölleri halkymyzyň ynsanperwerligini, parahatçylyk söýüjiligini, agzybirligini we jebisligini, milletimize mahsus bolan parasatlylygy, ajaýyp sungat eserlerine bolan çäksiz söýgini alamatlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde möhüm orny eýeleýär, bezeg nyşanlarynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Häzirki döwürde halkymyzyň bütin dünýäde meşhur bolan halyçylyk sungatyny ösdürmäge, türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny dikeltmäge, bu ajaýyp sungaty ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmen halylarynyň gadymdan gelýän nusgalaryny aýawly saklamak, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar. Halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Türkmen halylarynyň täze nusgalary hem döredilýär. Halyçylaryň netijeli işlemekleri we dynç almaklary üçin hem ähli zerur şertler döredilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiziň türkmen el halylarynyň baky gözelligini wasp edýän “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly eserleriniň hem türkmen milli halyçylyk sungatymyzyň gadymy däplerini dünýä derejesinde wagyz etmek işine uly goşant bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylary, watandaşlarymyzy we pudagyň zähmetkeşlerini bu şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewany göni wideoaragatnaşyga çagyrdy we bu taryhy wakanyň möhümdigini ýene bir gezek nygtap, onuň ähmiýetini halyçylara we pudagyň hünärmenlerine ýetirmegiň, bu şanly waka bagyşlanan çäreleri guramagyň zerurdygyny belledi.

Ajaýyp halylar we haly önümleri çeper elli halyçy zenanlarymyzyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň netijesi, türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu täsin sungatyň köpasyrlyk ýörelgelerini gorap saklamak hem-de dowam etdirmek, dünýä derejesindäki şöhratyny belende götermek boýunça yzygiderli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň ýolbaşçysy O.Işangulyýewa milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini aýratyn nygtap, döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli halyçy zenanlaryň adyndan ýurdumyzyň halyçylyk pudagyny ösdürmek, onuň gadymy ýörelgelerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, şeýle hem pudagyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli güýçlerini, tejribesini we ussatlygyny gönükdirjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Milli Liderimiz maslahaty dowam edip, göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, ol paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, möhüm ähmiýetli täze gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem Täze ýyly garşylamak hem-de bu mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, adamlaryň amatly durmuş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň toplumlaýyn esasda we geljegi nazara almak bilen çözülmelidigini nygtady, şunda öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, häkime paýtagtymyzda Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň kabul edilen Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek işlerini çaltlandyrmak tabşyryldy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, pagta meýdanlarynda galan hasyly ýitgisiz ýygnamak boýunça geçirilýän çäreler, güýzlük bugdaýa ideg etmek, olara ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ekin meýdanlaryny we tehnikany täze ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatda bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň barşy, ilaty ýylylyk, suw, gaz hem-de elektrik energiýasy bilen talabalaýyk üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini has doly herekete girizmäge gönükdirilen obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümçiliginde ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilmegine ýardam edýän ylma esaslanýan usullaryň we täze netijeli tehnologiýalaryň iş ýüzünde ulanylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz 2019 — 2025-nji ýyllarda ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, şu ugurdaky işi mundan beýläk-de dowam etmegiň hem-de gerimini giňeltmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Soňra maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow hasabat berdi. Welaýatyň ekin meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça geçirilýän işler, nobatdaky ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde häkim ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň çözülişi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de häkime sebitiň obasenagat toplumyna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, bugdaý ekilen meýdanlarda ak ekine ýokary hilli ideg etmek, ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen beýleki ekinleri ýetişdirmek meselelerine degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir wagtda, döwlet Baştutanymyz ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary göwnejaý ýagdaýda saklamagyň hem-de şolary netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdirildi, ol öz nobatynda, sebitde işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şol sanda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerini tamamlamak, ýazky ekişe hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitiň obasenagat toplumynyň möhüm wezipeleri barada aýdyp, şolaryň oýlanyşykly çemeleşmek hem-de häzirki zaman talaplaryndan ugur almak esasynda çözülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime ekin meýdanlaryny, tehnikany we gurallary nobatdaky ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlamak, oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak, ekerançylaryň ýokary öndürijilikli zähmeti üçin ähli şertleri döretmek boýunça görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň obasenagat pudagynda we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda amala aşyrylýan işleriň barşy barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, ýerlerde ýaşaýyş-durmuş we inžener-tehniki düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitde alnyp barylýan işleriň netijeli, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny we anyk netijeleri bermelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň möhümdigini belläp, bu ugurda bellenilen ähli meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda 25-nji dekabra çenli pagta ýygymyny tamamlamak hem-de pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin gutarnykly hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahata Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy, ol maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlara bellenilen kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça geçirilýän agrotehniki çäreler, öňde boljak oba hojalyk möwsümlerine toplumlaýyn taýýarlyk görmek ugrunda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň pagtaçylarynyň galan hasyly doly ýygnap almak üçin ähli tagallalary edýändikleri barada habar berildi.

Şunuň bilen birlikde, häkim sebitiň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, ilaty energiýa we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň beýleki ähli sebitleri bilen bir hatarda, Mary welaýatynyň öňünde hem obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek, pudaklaýyn ylmyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň gazanan üstünliklerini iş tejribesine işjeň ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny nygtap, ugurdaş düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de abadançylygynyň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň