Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda Türkmenistanda ilkinji bolup sanly maglumat tehnologiýasy ornaşdyryldy

03:4017.12.2019
0
15746

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýaty döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti boldy. Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň resmi saýtynda ýazylýar.

Welaýatlaryň işini sanly tehnologiýa ulgamy arkaly ýola goýmak milletiň Lideriniň tabşyrygy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň çäklerinde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri zerur enjamlary hem-de programma üpjünçiligini gurnap, Ahal welaýatynyň häkimliginiň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdylar.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň häkimliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynda hem elektron resminama dolanyşygyna birikdirmek maksady bilen şonuň ýaly işler dowam etdirilýär.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň barşynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň we şolaryň bölümleriniň — düýpli gurluşyk düzümleriniň arasynda bu ulgamy gurnamak hem-de işe girizmek işleri geçirildi.

Hususan-da, welaýatlarda we etraplarda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy pudaklaryň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Şeýle hem täze usul etraplaryň derejesinde çözgütleri dessine kabul etmäge, döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ahal welaýat häkimliginde işe girizilen elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň birnäçe aýratynlyklardan ybaratdygyny bellemeli. Welaýatyň häkimi ekerançylyk meýdanlarynda bolýan mahaly hem sanly tehnologiýanyň mümkinçiliginden peýdalanyp bilýär. Häkim degişli enjamyň üsti bilen etraplaryň häkimlerini aragatnaşyga çagyryp, oba hojalygynda bar bolan meseleler boýunça dessin pikir alyşmalary guramak mümkinçiliginden peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň