Arhiw

Aşgabatda futzal derwezeçileriniň tälimçileriniň gatnaşmagynda AFK-nyň okuw maslahaty geçirilýär

23:1616.12.2019
0
4743

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferensler zalynda ýurdumyzyň futzal boýunça derwezeçileriň tälimçileriniň gatnaşmagynda AFC Futsal Coaching Certificate Course Level 1 okuw maslahaty öz işine başlady ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu okuw maslahaty eýranly gözükdiriji Mişel Petrosyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Level 1 okuw maslahaty futzal boýunda halkara derejesindäki tälimçilikde belli bir derejede bilim berýär. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar nazaryýetdir tejribe sapaklaryny geçirerler. Okuw sapagy 20-nji dekabra çenli dowam eder.

Onuň soňunda gatnaşyjylara ýörite sertifikatlar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň