Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti halyçylara we halyşynaslara Gutlag iberdi

23:0216.12.2019
0
5092

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň halyçylaryna, halyşynaslaryna Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle diýilýär:

«Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Mähriban halyçylar we halyşynaslar!

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza şatlykly habarlaryň ýene-de biri gelip gowuşdy.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Men siziň ähliňizi bu taryhy ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, döwletimiziň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» şadessany we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa biziň başlangyjymyz bilen türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylarynyň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýran edýän halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan haly gölleri halkymyzyň ynsanperwerligini, parahatçylyk söýüjiligini, agzybirligini we jebisligini, milletimize mahsus bolan parasatlylygy, ajaýyp sungat eserlerine bolan çäksiz söýgini alamatlandyrýar. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde möhüm orny eýeleýärler, bezeg nyşanlarynyň möhüm bölegi bolup durýarlar.

Häzirki döwürde halkymyzyň bütin dünýäde meşhur bolan halyçylyk sungatyny ösdürmäge, türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny dikeltmäge, bu ajaýyp sungaty ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen halylarynyň gadymdan gelýän nusgalaryny aýawly saklamak, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar. Halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Türkmen halylarynyň täze nusgalary hem döredilýär. Halyçylaryň netijeli işlemekleri we dynç almaklary üçin hem ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmen el halylarynyň baky gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserlerimiziň hem türkmen milli halyçylyk sungatymyzyň gadymy däplerini dünýä derejesinde wagyz etmek işine uly goşant bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Mähriban halyçylar we halyşynaslar!

Sizi Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda hemişe üstünlik gazanmagy arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW». 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň