Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň topary täze möwsümiň taýýarlygyna girişdi

17:2616.12.2019
0
3695

Özbegistanyň futbol çempionatyny ikinji orunda tamamlan «Lokomotiw» şu gün ― 16-njy dekabrda täze möwsümiň taýýarlygyna girişdi. Mälim bolşy ýaly, toparyň düzüminde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem çykyş edýär.

Wise-çempionyň täze möwsümiň taýýarlygyna ir girişmeginiň esasy sebäbi eýýäm 21-nji ýanwarda Täjigistanyň çempiony «Istiklol» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygyny geçirýänligidir. Eger «demirýolçular» şol gün «Istikloly» ýeňip bilse, 28-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň «Al-Ahli» topary bilen duşuşar. Bu jübütleriň ýeňijisi AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Toparyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, türgenleşikler Täze ýyl baýramyna çenli Daşkentde geçiriler. Baýramçylykdan soň topar okwu-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Dubaý şäherine gider. Bu ýerde birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzire çenli «Lokomotiwiň» ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlarynyň ikisi mälim. Olaryň birinjisi Hytaýyň Superligasynyň wekili «Jiangsu Suning», ikinjisi bolsa Şotlandiýanyň «Glazgo Reýnjers» toparydyr. Bu toparlaryň birinjisi Hytaýyň çempionatyny dördünji orunda tamamlady. Şotlandiýanyň toparyna bolsa «Liwerpulyň» ozalky kapitany Stiwen Jerrard tälim berýär.

Ýoldaşlyk duşuşyklary üçin teklipleriň ikisi hem «Lokomotiw» tarapyndan berildi. «Glazgo Reýnjers» bilen duşuşyk 10-njy ýa-da 11-nji ýanwarda, «Jiangsu Suning» bilen 14-nji ýanwarda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň