Ruslan Mingazow «Irtyş» bilen täze şertnama gol çekdi

16:3916.12.2019
0
6412

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 28 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Pawlador şäheriniň «Irtyş» kluby bilen şertnamasyny uzaltdy diýip, «Sports.kz» habar berýär.

Türkmen futbolçysynyň täze şertnamasy 2020-nji ýylyň ahyryna çenlidir. «Irtyşyň» düzümine 2019-njy ýylyň iýul aýynda goşulan futbolçy 11 duşuşyga gatnaşdy. Şolarda ol iki gezek tapawutlandy, üç gezek bolsa gol pasyny berdi.

Karýerasyna «Aşgabatda» başlan Ruslan Mingazow 2008-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony boldy. 2009-njy ýylda Riganyň «Skonto» toparyna transfer bolup, bu ýerde alty möwsüm futbol oýnady. 2014-nji ýylda bolsa Çehiýa geldi. «Ýablonesde» geçiren ilkinji iki ýylynda ýurduň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Soňra Praganyň «Slawiýa» toparyna goşulyp, bu ýerde «Mlada-Boleslawa» we «Prşibrama» kärendä berildi.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda 2009-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýän futbolçy 26 duşuşykda dört gezek tapawutlandy. «Transfermarketde» 650 müň ýewro bahalanýan R.Mingazow häzirki wagtda iň gymmat türkmen futbolçysydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň