Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýylda Türkmenistanda döwrebap awtoklaster işläp başlar

11:3316.12.2019
0
25855

Aşgabat ― Daşoguz gara ýolunyň ugrunda, paýtagtdaky halkara awtomenziliň golaýynda döwrebap awtoklaster ― şäher we halkara ýolagçy transportlaryny bejeriş we hyzmat ediş, okuw-türgenleşik merkezli awtomobil mekdepleriniň birleşmesi gurulýar. Ony Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy bilen «Weli Gurluşyk» hususy kärhanasy gurýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň ýazmagyna görä, 60 gektar meýdany eýelejek toplum öz çäginde üç müňe golaý awtoulagy kabul edip biler.

Iň häzirkizaman talaplara laýyk geljek awtoklasterde 800 orunlyk taksimenzil, şäherara awtobuslar üçin 350, şäher awtobuslary üçin 1500 orunlyk üsti ýapyk duralgalaryň 24-si we 12 sany bejeriş we hyzmat ediş nokatlary bolar.

Bu topluma girjek 335 orunlyk awto mekdebinde okuw merkezi kompýuter we türgenleşik otaglary hem-de 60 sany ýeňil awtoulag bolar.

Türkmen hususyýetçileriniň bu nobatdaky iri taslamasynyň gurluşygy 2020-nji ýylyň aprel aýynda tamamlanar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň