Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti agtygy bilen ses studiýasynda işledi

23:5515.12.2019
0
8306

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen häzirki zaman sungaty we onuň ösüş ugurlary barada pikir alyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ses studiýasynda Kerimiň döreden we täzeden işlän saz eserleri, onuň aýratynlyklary, sanly ulgam arkaly sungat eserlerine özboluşly öwüşgin çaýmagyň ugurlary bilen tanyşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Kerim bu ýerde döredýän sungat eseriniň notalaryny, aýdymyň sözleriniň we sazynyň sazlaşygyny üpjün edýän aýratynlyklary barada atasyna gürrüň berdi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem dürli görnüşli saz gurallaryny çalyp gördi. Ol ses ýazgylar studiýasynda çagalyk ýyllarynda ürç edip çalan sazyny ýerine ýetirdi.

Kerim birnäçe sazlary gaýtadan işläp, dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirýär hem-de täzeden işlenilen sazlaryň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça timarlaýar we aýdymlaryň düzüliş aýratynlyklaryny utgaşdyryp, dürli heňleriň sazlaşygyndan şolara özboluşly öwüşgin çaýýar.

Aýdym-saz sungatynda birnäçe eserleri döreden Kerim dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanyşykly usullary netijeli ulanýar. Aýratyn-da, Kerim atasynyň döreden goşgularyny saza geçirip, özboluşly owazly aýdymlary döretdi.

Kerim zerur enjamlar bilen üpjün edilen ses ýazgylar studiýasynda döwrebap tehnologiýalary işjeň peýdalanyp, iň täze usulyýetler arkaly ilhalar saz eserlerini döredýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtygynyň täze eserini diňläp, her bir aýdymyň döwrüň ruhuny beýan etmelidigini, şunda halkymyzyň aýdym-saz ýörelgelerini hem unutmaly däldigini belledi.

Döwlet Baştutany ses ýazgylar studiýasynda agtygy bilen bilelikde “Garagum” atly aýdymy täze öwüşgin bilen ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz agtygy bilen bu eseri sanly tehnologiýalar arkaly dürli saz gurallarynyň üsti bilen owazlandyryp, oňa täze öwüşgin çaýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň