Hytaýyň Anhoý welaýaty türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär

12:2115.12.2019
0
977

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Anhoý welaýatynyň hökümetiniň Syýasy maslahatlar boýunça komitetiniň direktorynyň orunbasary Li Sýusynyň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar TSTB-niň agzalarynyň iri möçberli taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegindäki, şol sanda agro-senagat toplumy, himiýa senagaty, ulag, logistika we ş.m. ulgamlardaky gazananlary we geljegi bolan meýilnamalary bilen tanyşdyryldy.

Öz gezeginde hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän hem-de ýurduň iri ykdysady we medeni merkezi bolan Anhoý welaýaty hakynda gürrüň berdi. Anhoý welaýatynda düýpli senagat we tehniki binýat bardyr. Bu ýerde awtoulag, durmuşda ulanylýan elektron tehnikalarynyň, himikatlaryň, materiallaryň, elektronikanyň, oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň häzirki zaman ulgamy ýola goýlandyr. Maşyn gurluşyk, energetika, gaýtadan işleýän senagat pudaklary ösendir.

Gepleşikleriň çäginde hyzmatdaşlygyň, esasan hem hytaý elektroulaglarynyň üpjünçiliginiň we syýahatçylyk pudagynda özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň