Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň DHÇMB-de 3,5 million dollara golaý geleşik baglaşyldy

23:2414.12.2019
0
3820

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa, Pakistan, Eýran, Ermenistan we Gyrgyzystan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, ownuk mallaryň göni ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 491 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-den, Şotlandiýadan, Pakistandan, Gonkongdan gelen işewür toparyň wekilleri jemi bahasy 7 million 610 müň manada golaý bolan nah ýüplügi we polipropilen satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 müň manatlykdan gowrak pagta lintini we pagta ülügini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň