Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýussonyň tutluşygy Nýu-Ýorkda bolar

18:1114.12.2019
0
21459

Başabaş göreşiň pälwany, UFC-nyň ýeňil agramdaky çempiony, russiýaly Habib Nurmagomedow 2020-nji ýylyň 18-nji aprelinde çempionlyk guşagyny goramak ugrunda ABŞ-ly Toni Fergýusson bilen göreşer. Tutluşyk Nýu-Ýork şäherindäki «Barclays Center» arenasynda geçiriler.

Häzire çenli UFC-de pälwanlaryň ikisiniň hem bassyr 12 ýeňşi bar. Habib Nurmagomedow soňky tutluşyklarynda Konor Makgregory we Dastin Porýeni wagtyndan ozal ýeňdi. Toni Fergýuson hem Entoni Pettis bilen Donald Serroneni edil şeýle ýeňdi.

Karýerasyna 2008-nji ýylda MMA-da başlan, 31 ýaşly Nurmagomedow häzire çenli 28 tutluşyk geçirdi we şolaryň hiç birinde hem ýeňilmedi. 35 ýaşly Toni Fergýusson hem 28 duşuşyk geçirip, şolaryň 25-sinde garşydaşlaryndan rüstem geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň