Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bedenterbiýe sapagy hepdede üç gezege çykarylar, her şenbede sport güni geçiriler

03:1414.12.2019
0
13285

13-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglyk bilen bagly dürli meseleleri döredýän, käbir kesellere getirýän hereketsiz durmuş ýagdaýy barada durup geçmek bilen, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin sagdyn gurşawy döretmegiň, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen meşgullanmaga we ekologiýa abadançylygy bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Häzir dünýäde kompýuter we maglumat ulgamynyň ösmegi bilen, çagalar ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýärler. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi hereketsiz durmuş ýagdaýyna, görüşiň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär.

Milletiň Lideri munuň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipesidigini, şoňa görä-de, bu meseläniň degişli düşündiriş, aň-bilim işleriniň derejesini hem-de öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bu babatda işleri güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip we mekdeplerde hepdede üç gezek bedenterbiýe sapagyny girizmek ýa-da her şenbe güni sport gününi geçirmek meselesine seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu tekliplere Ylymlar akademiýasynyň alymlary bilen bilelikde seretmegi we bu ugurda maksatnama taýýarlamagy tabşyrdy.

Täze okuw ýylyndan başlap, ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde şu sapaklary girizmeli diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýer P.Agamyradowa bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň