Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy taýýarlanylýar

02:5714.12.2019
0
13665

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 13-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanyna ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek we beden taýdan işjeňligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylýandygyny habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagynyň we kabul edilmeginiň çaganyň irki ösüşine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine, şoňa görä-de, bu wajyp ugurda halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda jemgyýetçilik hem-de ylmy guramalaryň, dürli pudaklaýyn edaralaryň, sport we beýleki edaralaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak maksadalaýykdyr. Döwlet Baştutany durnukly ösüş üçin köpugurly çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekip, munuň geljegiň bähbidine serişdeleri, tejribeleri we bilimleri birleşdirmäge ýardam berýändigini aýratyn nygtady.

Milletiň Lideri geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu wajyp maksatnamany doly taýýarlap, soňra bu ugurda edilen işler babatda hasabat bermek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň