Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda suw meseleleri boýunça sebit maslahaty geçiriler

00:0014.12.2019
0
3727

17-18-nji dekabrda Aşgabat şäherinde suw meseleleri boýunça sebit maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 13-nji dekabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binasynda geçiriljek foruma sebitiň ýurtlaryndan hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara guramalardan bilermenleriň hem-de daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlardan hünärmenleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada suw-energetika hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak üçin BMG-niň utgaşdyrmagynda maksatlaýyn iş toparyny döretmek mümkinçiliklerine garamakdan, bu ugurda sebitiň döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň gurallaryna, degişli şertnamalaýyn hukuk binýadyny ösdürmäge, innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ulanmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 18-nji dekabrda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn maslahatlaşmalar geçiriler. Olar Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geçen ýylyň awgustynda ýurdumyzda geçirilen sammitinde kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasyna hem-de hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2019-njy ýyllarda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryna laýyklykda guralar.

Bu çärelere degişli döwlet edaralarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri we bilermenleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda garamak we çözmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Netijeli döwletara gatnaşyklar üçin diňe sebit ylalaşygy zerur bolup durýar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýurduň anyk başlangyçlaryna, şol sanda şu mesele boýunça köptaraply diplomatik gatnaşyklaryň täze usuly hökmünde «Suw diplomatiýasyny» ilerletmäge degişli başlangyçlaryna ünsi çekdi. Türkmenistan hut şu ýörelgäni suw serişdelerini dolandyrmak, aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisine garamaga gönükdirilen ulgamlaýyn gatnaşyklaryň esasy hasaplaýar.

Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň döwletleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak barada öňe süren başlangyjynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şol maksatnama geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň içerki suw gorlarynyň meseleleri boýunça köptaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin binýat bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň