Türkmen hünärmenleri smrat telewizorlaryň önümçiligini ýola goýar

23:5813.12.2019
0
35594

«Türkmensenagat» agentliginiň bilelikdäki kärhanasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 13-nji dekabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Öwezow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentligi tarapyndan ýurdumyzda innowasion esasda elektron senagaty ösdürmek, içerki bazarlara gönükdirilen hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, şeýle hem degişli bilelikdäki kiçi kärhanalary döretmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

Şolarda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ýaş alymlar merkeziniň hünärmenleri tarapyndan düzülen programmany ulanmak meýilleşdirilýän IP-týunerler ornaşdyrylar. Smart telewizorlaryny ýokary hilli öndürmek maksady bilen, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri daşary ýurtlarda okadyldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdy senagatlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek baradaky meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady.

Baý serişdelere we intellektual kuwwata eýe bolan Berkarar Watanymyzyň döwrebap önümçilikleri, şol sanda elektron senagaty ulgamynda bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçilikleri uludyr diýip, döwlet Baştutany bu ugurda geçirilýän işlere ýurdumyzyň hususy pudagyny işjeň çekmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu öz nobatynda hünär bilimlerini yzygiderli artdyrmagy, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagy, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegi we ýurdumyza çekmegi talap edýär. Umuman, milletiň Lideri ýurtda smart telewizorlary öndürmek baradaky teklibi makullap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidenti daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek wezipesini netijeli çözmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň