Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy

23:5513.12.2019
0
7455

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlarynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak we gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

— Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi;

— Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi;

— Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi tassyklanyldy.
Şeýle hem resminama bilen:

— Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi;

— Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi;

— Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi döredildi we tassyklanyldy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlaryna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Döwlet haryt-çig mal biržasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň