Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» Beýik Britaniýanyň kompaniýasyndan buraw enjamlaryny satyn alar

23:5013.12.2019
0
7590

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz känindäki guýulary burawlamakda we ulanyşa girizmekde zerur bolan dürli turbalary we enjamlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň