Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Döwletjan Ýagşymyradow Alekdeý Butorin bilen göreşip, çempionlyk guşagyny goramaga çalşar

23:4313.12.2019
0
16435
Şu gün Döwletjan Ýagşymyradow Alekdeý Butorin bilen göreşip, çempionlyk guşagyny goramaga çalşar
DöwletjanY

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde başa-baş göreşiň ACA 103 görnüşi boýunça tutluşyklar bolar, diýip, Absolute Championship Akhmatyň resmi saýty habar berýär. Çempionlyk guşagy ugrundaky esasy tutluşyk türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow bilen russiýaly Alekseý Butoriniň arasynda bolar.

Ýarym agyr agramda boljak tutluşygyň öňüsyrasynda biziň ildeşimiziň agramynyň 93,3 kilogram, onuň garşydaşynyň agramynyň bolsa 92,7 kilogramdygyny aýtmak gerek. Ýaryşdaky Amirhan Guliýew ― Kaýl Reýes tutluşygy ýatyryldy. Şeýlelikde, ACA 103-de 13 tutluşyk bolar.

Sankt-Peterburgdaky «Sibur Arenada» boljak bu tutluşyk Moskwa wagty bilen 22:00-da başlanar. Ol Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymy, matchtv.ru, sportbox.ru saýtlary we «Матч Клуб» mobil programmasy arkaly göni ýaýlymda görkeziler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň