Soňky habarlar

Arhiw

«TRT Avaz» teleýaýlymynda türkmen bedewleri barada dokumental film görkezildi

23:0813.12.2019
0
2628

12-nji dekabrda bellenilen Halkara Bitaraplyk gününiň çäreleri Türkmenistanyň ähli sebitlerinde giňden bellenildi. Baýramçylyk dabaralary döwlet tele-radioýaýlymlary bilen birlikde, daşary ýurtly ýaýlym – «TRT Avaz»  teleýaýlymynda hem tomaşaçylara görkezildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi internet saýtynda (www.turkmen.tv.gov.tm) habar berilmegine görä, Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, 12-nji dekabrda «TRT Avaz»  teleýaýlymynda ýörite gepleşik ýaýlyma berildi. Onuň yzysüre bolsa ahalteke bedewlerine bagyşlanan dokumental film görkezildi.

Ozal berlen maglumatlara salgylansak, 2019-njy ýylyň 19-njy apreli – 3-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Radio we telewideniýe guramasynyň «TRT Avaz» teleýaýlymynyň wekilleri Döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde ahalteke bedewleri hakynda filmi surata düşüripdiler. Filmiň düşürilýän döwründe türk tarapynyň hünärmenleri bu ugurda işleýän atşynaslar, seýisler we ýaşululary bilen duşuşyklary geçiripdiler. Şeýle-de, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparlarynyň çykyşlaryny, «Köne Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyny ýazgy etdiler. Agzalýan dokumental film şu ýylyň 24-nji oktýabrynda TRT teleradioýaýlymynda ýaýlyma goýberildi. Häzirki wagta çenli bu dokumental film birnäçe gezek ýaýlyma berildi.   

Bu gün türkmen telewideniýesi göni ýaýlyma alyp görkezmek, halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly tejribesini barha baýlaşdyrmakda üstünlikli işleri durmuşa geçirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň