Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň "Kawasaki" kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

19:4113.12.2019
0
4557

12-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Kawasaki Heavy Industries,Ltd» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabe bilen duşuşygy geçirildi ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň sebit hem-de global derejesindäki özarahereketleriniň netijeli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugurlary boýunça şol sanda ýapon işewürlik-düzümleriniň gatnaşmagynda taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy hem-de taraplaryň arasynda netijeli we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň ýola goýlandygy hem aýratyn bellenilip geçildi. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň