«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy bu hepde Ýewropanyň çempionatlaryndan 9 duşuşygy göni ýaýlymda görkezer

16:2013.12.2019
0
3994

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy şu hepdedäki gepleşikleriniň hataryna Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlaryndan 9 duşuşygy göni ýaýlymda alyp bermegi goşdy. «Turkmen TV» saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, futbol janköýerleri bu hepde hem «Barselona», «Napoli», «Atletiko Madrid», «Ýuwentus», «Inter» ýaly dünýä meşhur klublaryň çempionatdaky duşuşyklaryna göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.

Adaty bolşy ýaly, okyjylaryma teleýaýlymda görkeziljek futbol duşuşyklarynyň tertibini ýetirýäris:

13.12.2019

Liga 1, Fransiýa, «Lill» ― «Monpelýe», 00:40

Çempionşip, Angliýa, «Birmingem Siti» ― «West Bromwiç Albion», 17:25

14.12.2019

La Liga, Ispaniýa, «Real Sosýedad» ― «Barselona», 19:55

Seria A, Italiýa, «Napoli» ― «Parma», 21:55

La Liga, Ispaniýa, «Atletiko Madrid» ― «Osasuna», 00:55

La Liga, Ispaniýa, «Getafe» ― «Real Walýadolid», 15:55

15.12.2019

Seria A, Italiýa, «Ýuwentus» ― «Udinize», 18:55

La Liga, Ispaniýa, «Sewilýa» ― «Wilýarreal», 22:25;

Seria A, Italiýa, «Fiorentina» ― «Inter», 00:40.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň