Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly döredildi

13:2413.12.2019
0
13001

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy esasynda, Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly döredildi.  Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji sentýbabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky göçme mejlisini geçirdi. Şeýle-de, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezmä harby okuw-türgenleşigine gatnaşdy.  Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna “Türkmen edermen” medalyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak we ony Mejlise hödürlemek bilen bagly zerur işleri alyp barmagy tabşyrypdy.

Medalyň Düzgünnamasyna laýyklykda,
    1. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
    2. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde şahsy edermenlik görkezendikleri, şeýle hem öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak maksady bilen döredildi.
    3. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda; kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde; aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde, öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde aýratyn hyzmatlary bitiren, şahsy edermenlik görkezen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň harby gullukçylary hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanylýar.
    4. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen şu Düzgünnamanyň üçünji böleginde görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirip, ölen (wepat bolan) harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanyp bilner.
    5. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan amala aşyrylýar.
    6. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanan adamlara:
    Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar;
    iň pes zähmet hakynyň üç essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.
    Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň