Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýdy

21:2312.12.2019
0
4633

Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milletiň Lideri dabaraly ýagdaýda beýik binanyň etegine gül goýýar.

Döwlet Baştutanynyň yzysüre Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we dabara gatnaşyjylar gül goýýarlar.

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutany oňa gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň