TFF-niň wekilleri Azerbaýjanda geçirilýän seminara gatnaşýar

14:0312.12.2019
0
3773

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekiliýeti Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän seminara gatnaşýar. Tejribe paýlaşmak maksady bilen geçirilýän seminara türkmen hünärmenlerinden başga-da, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri geldi. Umuman, seminar bäş federasiýanyň birek-birek birek bilen tejribe alyşmagy görnüşinde geçirilýär.

«Azerisport» elektron neşiriniň maglumat bermegine görä, seminaryň dowamynda klublaýyn hyzmatdaşlyk, zenan futboly ýaly meselelere aýratyn seredildi. Taraplar geljekde bu hyzmatdaşlygy ösdürmek wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti Baku şäherine saparyň çäklerinde Olimpiýa stadionyna, «Baksel Arena», «Dalga» futbol merkezine baryp gördi. Şeýle hem seminara gatnaşyjylar Ýewropa ligasynyň çäginde geçirlen «Garabag» (Azerbaýjan) ― «Dýudelanže» (Lýuksemburg) duşuşygyna tomaşa etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň