W.Zelenskiý: “Ukraina Türkmenistanyň parahatçylyk syýasatyna ýokary baha berýär”

12:3812.12.2019
0
6910

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara Bitarplyk güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Gutlagda şeýle diýilýär: “Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli ukrain halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň başlangyjyňyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi halkara durmuşynda möhüm ädim boldy.

Ukraina Merkezi Aziýa sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek babatda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýär.

Ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň birek-birege hormat goýmagyň, döwlet özygtyýarlylygyny hem-de çäk bitewüligini saklamagyň, halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmegiň esasynda geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk hem-de döwlet işiňizde täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň