Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bodibildingçileri Gazagsystanda geçirilen halkara ýaryşda altyn medallaryň üçüsini gazandylar

12:0712.12.2019
0
1142

Türkmen türgenleri Almaty şäherinde geçirilen bodibilding we fitnes boýunça Gazagystanyň kubogynda üç sany altyn medala mynasyp boldular ― diýip, «ORIENT» saýty habar berýär. Halkara ýaryşyň altyn medallaryna bodibilding boýunça Aziýanyň dört gezek çempiony Wepa Nurnazarow (65 kilograma çenli agram derejesinde), Türkmenistanyň 2018-nji ýyldaky absolýut çempiony Roman Mingaliýew (90 kilograma çenli) we atlet-fizik, Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Rüstem Garaýew (nusgawy bodibilding) dagylar mynasyp boldy.

Mary welaýatyndan Guwanç Paltaýew howuz bodibildingi boýunça ýaryşda dördünji orny eýeledi.

Türkmen bodibildinglçileri indi Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. Yklym ýaryşy indiki ýylyň sentýabr aýynda Maldiw adalarynda geçiriler. Onda görkeziljek gowy netije türgenlerimiziň Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmagyna ýol açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň