Aşgabadyň Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlar açyldy

22:2311.12.2019
0
8203

Aşgabadyň Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumyndaHalkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp, 200-den gowrak maşgala üçin otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi.

Paýtagtyň günorta-gündogarynda kemala gelýän bu ýaşaýyş jaý toplumyna sazlaşykly goşulan täze belent jaýlar Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň alamatlarynyň birine öwrüldi.

Jaýlaryň ikisi 54 öýden, biri 108 öýden ybarat bolup, şolaryň içinde şähergurluşygynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän iki, üç we dört otagly öýler täze tehnikalar we beýleki amatlyklar bilen üpjün edildi.

Otaglar timarlananda döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerlerde çagalar oýnamak üçin hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy.

Täze jaýyň ýanynda däp-dessurlara eýe bolan aýdym-sazly toýlaryň birbada ikisi tutuldy. Bu waka şu günki dabaralara milli öwüşginini çaýdy. Maşgalalaryň birinde tutulan bäbek toýy bolsa täze jaý eýeleriniň şatlygyny goşalandyrdy. Ýaşaýyş jaýyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi olar üçin goşa toýa öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň