Soňky habarlar

Arhiw

Katarda futbol boýunça dünýäniň klublaýyn çempionaty başlanýar

22:2211.12.2019
0
6462

Şu gün Katarda futbol boýunça dünýäniň klublaýyn çempionatyna badalga berilýär diýip, TASS habar berýär. FIFA tarapyndan her ýyl geçirilýän çempionata alty konfederasiýasynyň we ýer eýesi Kataryň çempionlary gatnaşýar.

Şu ýyl dünýäniň iň güýçli kluby bolmak üçin «Liwerpul» (Angliýa), «Flamengo» (Braziliýa), «Monterreý» (Meksika), «Esperans» (Tunis) we «Iengen sport» (Täze Zelandiýa), «Al-Hilal» (Saud Arabystany) ýaryşar. Toparlar şu ýyl öz konfederasiýalarynyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşlarynda ýeňiji boldular. Ýaryşa Kataryň şu ýylky çempiony «Al-Sadd» hem gatnaşar.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Rezwan Luçeskonyň tälim berýän «Al-Hilaly» dünýä birinjiligindäki ilkinji duşuşygyny çärýek finalda Tunisiň «Esperansy» bilen geçirer.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, saýlama duşuşyk OFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen ýer eýesiniň arasynda geçirilýär. Soňra çärýek final duşuşyklary başlaýar. Klublaýyn dünýä çempionaty indiki ýyl hem dekabrda Katarda geçiriler. 2021-nji ýyldan başlap bolsa bu çempionatyň düzümine özgerişler giriziler. Ilkinji özgeriş oňa 24 toparyň gatnaşmagy, ikinji özgeriş bolsa çempionatyň her dört ýyldan bir gezek geçirilmegi bolar. Täzelenen görnüşdäki ilkinji klublaýyn çempionat 2021-nji ýylyň iýun ― iýul aýlarynda Hytaýda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň