Arhiw

Maryda täze desgalar açyldy

22:1711.12.2019
0
4958

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Mary şäheriniň ýaşaýjylary baýramçylyga ajaýyp sowgat aldylar. Welaýatyň dolandyryş merkezinde Aga Hanjaýew köçesiniň ugrundaky binalar toplumynyň üstüni dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ýetirdi.

Olar Mary şäher jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işçileri tarapyndan bina edildi. Paýly gurluşyk esasynda gurlan ýaşaýyş jaýlaryň her birinde 2, 3 we 4 otagly öýleriň 60-sy bolup, olaryň giň eýwanlary we otaglary bar.

Jaýlaryň daşarky binagärlik keşbi içerki gurluşyň amatlylygy bilen utgaşýar. Ýagty otaglar, oňat timarlaýyş işleri, giň aşhana – bularyň hemmesi täze jaý eýeleriniň göwnünden turdy.

Şeýle hem şu gün Mary etrabynyň “Babadaýhan” daýhan birleşiginde süýt önümlerini gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhana ulanylmaga berildi. Azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşjak önümçilik maksatly täze desga gurlanda hünärmenler öňdebaryjy tejribäni, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edindiler.

Oba hojalyk we azyk önümlerini gaýtadan işlemäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň haryt öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde uly üstünlikler gazanyldy.

“Rowaçly çeşme” hususy kärhanasy bank karzynyň we hususy serişdeleriň hasabyna guruldy.

2 gektar meýdanda ýerleşdirilen täze desga Hytaýdan, Germaniýadan, Gresiýadan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýylda dürli süýt önümleriniň 1500 tonnasy öndüriler. Olar – ýogurtlar, gatyklar, gaýmaklar, süýtdir beýleki önümler bolup, jemi 20-ä golaý görnüşi çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň