Arhiw

Türkmenabatda 3 sany täze jaý ulanylyşa berildi

22:1611.12.2019
0
3380

Türkmenabatda täze jaý eýelerine 3 sany täze 4 gatly her biri 24 hojalyga niýetlenen oňaýly öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu jaýlar welaýatyň dolandyryş merkeziniň demirgazyk-günorta böleginde bina edilip, döwrebap binalaryň binagärlik toplumyny bezedi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşygyna bildirýän talaplary nazara alnyp, taslamasy düzülen täze jaýlar ýerli “Altyn gül” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

Uly we kiçi maşgalalara niýetlenen giň, owadan bezelen öýlerde ýaşaýjylar üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Diýarymyzyň öndürijileri tarapyndan taýýarlanylan ýokary hilli mebelleri bolan aşhana, döwrebap nusgalardaky köp dürli durmuş tehnikalary, öýe girilen ýerdäki enjamlaşdyrylan giň ýer oňaýlylygyň ýokary talaplaryna kybap gelýär.

Öýler suw, gaz we energiýa üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Jaýlaryň daşynda çagalaryň oýun we sport meýdançalary gurnalypdyr. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň