Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda täze desgalar açyldy

22:1211.12.2019
0
5392

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýyladyşhana toplumy ulanylmaga tabşyryldy. Desga Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn tug” hususy kärhanasyna bölünip berlen 12 gektar ýerde bina edilip, onuň 11 gektary gök önüm ekinlerini ýetişdirmäge niýetlenendir.

Täze gurlan desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak baradaky başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň tassyknamasy boldy.

Bu ýerde, özleşdirilen meýdanlaryň esasy böleginde ýokary hasyllylygy hem-de ajaýyp tagam häsiýeti bilen tapawutlanýan pomidorlaryň birnäçe görnüşi, şol sanda çerri görnüşi hem ýetişdirilýär. Öndürilýän önümleriň görnüşlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň demirgazygynda ýyladyşhana şertlerinde we senagat möçberinde ilkinji gezek ýetişdirilen ýer tudanalarynyň üç görnüşi hem-de gyzyl we sary bulgar burçlary bar.

Täze toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ilaty ýylyň dowamynda ter miwe we gök önümler bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany amala aşyrmaga uly goşant goşar. Bu ýöriteleşdirilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly kärhana bolup durýar.

Ol önüm öndürmek üçin has oňaýly şertleri awtomatik ýagdaýda döretmäge, şol sanda kesgitlenen howa hem-de ýagtylyk ýagdaýlarynyň, çyglylygyň berjaý edilmegini hem-de topragyň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 150-den gowrak iş orunlary döredilen toplum bir ýylda ekologiýa taýdan arassa pomidorlaryň 2 müň tonnasyny we ýer tudananyň 100 tonnasyny öndürer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şu gün welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Daşoguz şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň üsti ýene-de bir döwrebap desga bilen ýetirildi. Bu ýerde “Älem açar” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilen täze Saglyk merkezi ulanylmaga berildi.

Iki gatly bina Şagadam köçesiniň ugrunda bina edilýän täze iri ýaşaýyş toplumynyň düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. Bu toplumda oňaýly köp öýli jaýlaryň onlarçasy hem-de durmuş-medeni maksatly desgalar bar.

Umumy meýdany bir gektardan gowrak bolan Saglyk merkezi ilata bejeriş we anyklaýyş häsiýetli hyzmatlaryň köp görnüşini hödürlär. Ol dürli keselleri öz wagtynda ýüze çykarmaga hem-de bejermäge ýardam edýän Ýewropada öndürilen täze enjamlar bilen üpjün edildi.

Täze lukmançylyk edarasynda onlarça dolandyryş we lukman otaglary, sanjym otaglary, hirurgiýa bejeriş otagy, barlaghana, dermanhana ýerleşdirildi. Dermanhananyň önümleriniň görnüşlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe jiltlik ylmy işinde Türkmenistanyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan serişdeler hem giňden goýlupdyr.

Mundan başga-da, şu gün Köneürgenç şäherinde Gürgenç şaýolunyň ugrunda bina edilen köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy.

Üç we dört otagly öýleriň on altysyndan ybarat dört gatly täze jaý “Türkmensenagat” agentliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Daşoguz demir beton önümleri zawodynyň gurluşyk bölümleriniň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýler giň we beýik bolup, jaýyň açyk eýwany aýna bilen örtülendir. Bu ýerde dürli maksatly goşmaça otaglar guruldy. Jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we yşyklandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň