Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyşy boldy

22:0511.12.2019
0
7752

Balkanabat şäherinde ähli amatlyklary bolan iki sany üç we dört otagly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy.

Desgalar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Balkannebitgazgurluşyk” trestiniň gurluşykçylary tarapyndan günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň täze etrapçalarynyň birinde bina edildi.

Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda gurlan 2 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 24 hojalyga niýetlenen öýleriň otaglary giň we ýagty, oňaýly aşhanasy bar. Olaryň açarlary “Balkantelekom” welaýat elektrik-aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenlerine gowşuryldy.

Şu günler Esenguly etrabynyň Bugdaýly şäherçesinde ruhubelentlik hem-de şatlykly ýagdaý höküm sürýär. Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda bu ýerde “Türkmennebit” döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryjy müdirliginiň hünärmenleri täze jaý toýlaryny tutdular.

Her birinde iki we üç otagly öýleriň 16-sy bolan iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini “Nebitgazçykaryş” trestiniň gurluşyk-gurnama dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gurdular.

Ýola goýlan däbe görä, täze jaý eýeleri üçin milli däp-dessurlary, aýdym-sazly konsertleri öz içine alan jaý toýlary tutuldy.

Himiýa senagatynyň kärhanalary önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Guwlyduz” kärhanasynda täze önümhana açylyp, onda her ýyl ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 40 müň tonnasy hem-de gerdejik görnüşli tehniki duzuň 2500 tonnasy öndüriler.

Duz köli bu kärhananyň çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Ol Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşip, ýurdumyzda nahar duzunyň iri tebigy ýatagy bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan GDA döwletleriniň hatarynda hem-de Merkezi Aziýada ilkinji, dünýäde dördünji döwlet bolup, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň saglygy hakynda alada etmegi netijesinde umumy kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda, ilatyny ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün eden ýurt hökmünde ykrar edildi.

Bu önümçilik ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýär, çünki nebitgaz, dokma we beýleki pudaklarda, şeýle hem jemagat hojalygynda giňden ulanylýan ýokary hilli gerdejik görnüşli tehniki duz ýodlaşdyrylan nahar duzy taýýarlanylýarka howa göterilýän tozgalardan öndürilýär.

Täze desga “EKOSOLT” kompaniýasynyň döwrebap kuwwatly enjamlary bilen üpjün edildi. “Duz kölünden” alynýan çig mal bu ýerde gaýtadan işlemegiň birnäçe tapgyryndan geçýär, suw bilen ýuwulýar we guradylýar. Taýýar önüm ilata ýerlemek üçin 1 we 2 kilogram agramly plastik bedrejiklere, şeýle hem kagyz haltalara gaplanylýar. Olaryň hil görkezijileri bu ýerdäki barlaghanada anyk kesgitlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň