Türkmenistanyň Prezidenti we «VINCI» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşgabatda guruljak taryhy bezegdäki myhmanhana barada pikir alyşdylar

17:4011.12.2019
0
846

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany hem-de myhman bilelikdäki iş boýunça bar bolan tejribeleriň we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň täze ugurlarynyň çäklerinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap de Silgi hormatly Prezidentimize kompaniýa ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri kompaniýanyň alyp barýan işine we umuman, fransiýaly binagärlerden, taslamaçylardan ybarat hünärmenleriň ukybyna ýokary baha berip, bu gezekki duşuşygyň öň ýanynda hödürlenen çyzgylarda görkezilýän täze myhmanhananyň bezeg aýratynlyklary barada birnäçe belliklerini we tabşyryklaryny mälim etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýakynynda ýerleşjek myhmanhananyň keşbinde binagärligiň täzeçil çözgütleri we inženerçilik-tehniki pikirlenmeler, hususan-da, bu toplumyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri, bezeg aýratynlyklary, gadymy Parfiýa şalygynyň binagärlik sungaty öz beýanyny tapmalydyr.

«VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzy bu bellikleriň göz öňünde tutuljakdygyna we taslamanyň şoňa laýyklykda täzeden işlenip taýýarlanyljakdygyna ynandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, myhman halkara gurluşyk bazarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigini belledi. Şeýle hem bu kompaniýa önümçilik kuwwatyny, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny we hyzmatlaryň giň ugurlaryny ulanmak arkaly, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň