Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holdinge» sement zawodlarynyň gurluşygy babatyndaky bäsleşige gatnaşmagy we Türkmenistanda metallurgiýa kombinatyny gurmagy teklip etdi

17:2411.12.2019
0
1063

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda milletiň Lideri holdingiň täze senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň, ulag, energetika we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky binalaryň gurluşygy boýunça özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany sementiň gurluşyk senagatynyň esasy serişdeleriniň biridigini belläp, holdingiň ýolbaşçysyna sement zawodlarynyň üçüsiniň gurluşygy boýunça bäsleşige gatnaşmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmagyň çäklerinde, metallurgiýa pudagynyň ösdürilmeginiň aýratyn orna eýedigini belläp, Diýarymyzda metallurgiýa kombinatyny gurmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem gurluşygy «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň yklymlaýyn iri energetika ugur hökmündäki ähmiýetini belläp, kompaniýanyň ýolbaşçysyna gurluşyk işlerini bellenilen möhletde we ýokary derejede tamamlamagy tabşyrdy.

Türkiýeli işewür ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi we ýene-de täze tekliplerini beýan etdi.

Hususan-da, Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkezi we Halkara estetiki bejeriş merkezi ýaly saglygy goraýyş ulgamyna degişli wajyp desgalaryň gurluşygy, şolaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy barada maglumatlar aýdyldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň taslamalary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, desgalaryň bellenilen möhletde ulanmaga berilmeginiň türkmen tarapynyň gaýragoýulmasyz şertidigini ýene bir gezek aýratyn belledi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň