Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji Ýanyk kesellerini bejeriş halkara merkezi gurulýar

17:1211.12.2019
0
3020

10-njy dekabrda Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu desgany gurmak ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Gap Inşaat» türk kompaniýasyna ynanyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Potratçy — kompaniýanyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk döwlet Baştutanyna lukmançylyk toplumynda gurluşyk işleriniň barşy we depgini barada hasabat berdi. Bu ýerde näsaglara ýokary hilli kömek etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Milletiň Lideriniň garamagyna desganyň binagärlik aýratynlygy, onuň içki meýilleşdirilişi we gurluşy barada doly düşünje almaga mümkinçilik berýän çyzgylar hödürlenildi.

Bekrewe köçesiniň ugrunda gurulýan bäş gatly Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde näsaglar üçin oňaýly hem-de döwrebap enjamlaşdyrylan iki orunlyk otaglary, degişli bölümler, şol sanda reanimasiýa we tiz kömek bölümleri, saglyk öýi, barlaghana, edara binasy, maslahatlar zaly, naharhana hem-de degişli tehniki otaglar ýerleşer. Ýanaşyk ýerler talabalaýyk abadanlaşdyrylar we bu ýerde awtoulaglar üçin duralga göz öňünde tutuldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkezindäki işleriň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanyp, bu hem-de beýleki degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, iň täze, şol sanda sanly tehnologiýalary, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň esasynda lukmançylygyň ýöriteleşdirilen ulgamlaryny ösdürmäge ýardam etmelidigini belledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň