Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynda aýdym-sazly dabaralar geçirildi

10:0811.12.2019
0
1315

Halkara Bitaraplyk güni we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň medeniýet merkezinde «Bagtyýarlyk döwründe rowaçlanýar gadamlar» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ony Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, toplumyň zenanlar guramasy hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesi bilelikde guradylar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň Medeni işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdymlarynda bagtyýarlyk döwri, ösýän, barha gözel keşbe girýän ata Watanymyz, bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşy belentden wasp edildi.

Şunuň ýaly çäre Türkmenabat şäher medeniýet öýünde hem guraldy. Çärä gatnaşyjylaryň gadymy Amul galasyna guran gezelençleri bolsa olaryň şöhratly taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmaklarynda ähmiýetli boldy. Ýeri gelende, bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýändigini, olaryň barşynda tapylan gymmatly tapyndylaryň golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrylandygyny bellemek ýerlikli bolar.

Şanly baýramlaryň öň ýanynda guralan çäreler pudagyň işgärleriniň armasy bolup ýaňlandy we olary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň