Soňky habarlar

Arhiw

Garabekewül şäherindäki senagat kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 8 million manatlyga golaý önüm öndürildi

10:0711.12.2019
0
730

Halaç etrabynyň Garabekewül şäherindäki senagat kärhanasynda gelin-gyzlaryň 100- den gowragy zähmet çekip, sünnä dokma önümlerine zenan yhlasynyň yzyny siňdirýärler ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şu ýylyň 11 aýynda kärhanada 7 million 963 müň manatlykdan gowrak dokma we tikin önümleri taýýarlanyldy. Ýanwar ― noýabr aýlaryna niýetlenen tabşyryk bolsa 178 göterime ýakyn berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 137 göterimden gowrak ösüş gazanyldy.

Bu ýerde häzir 116 sany adam zähmet çekýär, elbetde, şolaryň aglabasy hem zenanlar. Çig mal bökdençligi ýok. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dürli kärhanalaryndan ― Aşgabat, Ruhabat dokma toplumlaryndan, «Gap Türkmen» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň jinsi toplumyndan, Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginden çig mal üznüksiz gelip dur.

Şu günler bu senagat kärhanasynda harby we hukuk goraýjy işgärleriň lybaslaryndan başga-da, içerki bazar üçin niýetlenen dokma önümleriniň köpdürlüsi öndürilýär. Olaryň arasynda ululara we çagalara niýetlenilen möwsümleýin (gyşky) lybaslar hem bar. Önümler hil babatynda-da hiç neneň däl.

Ýeri gelende aýtsak, Garabekewül şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda bir sany dükan hem işleýär. Bu ýerde ýurdumyzyň beýleki kärhanalary bilen birlikde Garabekewül şäherindäki senagat kärhanasynyň önümleri hem elýeterli bahadan ilata hödürlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň