Soňky habarlar

Arhiw

2-nji fewralda Kuala-Lumpura, 1-nji martda Jidda uçuşlar başlar

09:5211.12.2019
0
930

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2020-nji ýylyň 2-nji fewralyndan hepdäniň sişenbe we ýekşenbe günlerinde Aşgabat — Kuala Lumpur — Aşgabat hem-de 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan hepdäniň duşenbe we ýekşenbe günlerinde Aşgabat — Jidda — Aşgabat täze daşary ýurt gatnawlaryny amala aşyryp başlaýandygy barada türkmen metbugatynda bildiriş berdi.

Bildirişde bu gatnawlar üçin petekleriň satylyp başlanandygy, petekleri welaýatlardaky awiakassalardan hem satyn alyp bolýandygy aýdylýar.

Şeýle hem saýtymyzda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Ýewropanyň Maýn boýundaky Frankfurt, Birmingem ýaly şäherlerine hem howa gatnawlaryny dikeldendigini habar beripdik. Awiakompaniýa bu halkara howa gatnawlaryny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasynyň döwrebap uçarlary arkaly amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň