Soňky habarlar

Arhiw

Serdar şäherindäki «Balkandokma» ÝGPJ-de ýylyň başyndan bäri 4,5 müň tonna nah ýüplük taýýarlanyldy

09:4911.12.2019
0
630

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar. Bu ýere ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy kärhanada ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapagy öndürmäge giň mümkinçilik berýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli, dünýä ül­ňülerine laýyk gelýän nah ýüplükler bu gün di­ňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem iň bir islegli harytlary bolup durýar.

 Häzirki wagtda kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň agramly böleginiň gelin-gyzlardygy bolsa aýratyn bellärliklidir. Şu ýylyň geçen ýanwar — noýabr aýlarynda toplumda 4 müň 423 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanylyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 104 göterim ýokarlandyryldy.

Kärhanada gürrü­ňi edilýän döwürde sarp edijilere ýerleşdirilen nah ýüplügiň pul hasabyndaky möçberiniň 47 million manatlykdan hem geçmegi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi bu babatda gazanylan ösüş depgininiň 121 göterime deň gelendigini aň­ladýar. Bu görkezijiler balkanly dokmaçylaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmagy başarýandyklaryna güwä geçýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň