Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýol bitumyny öndürýän desgasy 2015-nji ýylda ulanmaga berildi. ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan bina edilen desganyň ýyllyk kuwwatlylygy ýol bitumynyň 37,2 müň tonnasyny öndürmäge barabardyr.
Şu ýylyň geçen on bir aýynda desganyň başarjaň işgärleriniň birleşen tagallalarynyň netijesinde ýol bitumynyň 30,3 müň tonna golaýy öndürildi. Şonça önümiň 9,6 müň tonna golaýy daşary ýurtly sarp edijilere ugradyldy ― diýip, «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
Bu ýerde möhüm önümçiligiň — LÇ-35-11/1000 katalitik riforming desgasynyň durky düýpli täzelenildi. Bu iri taslama hem ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Netijede, kärhanada ýokary oktan sanly benzini we beýleki gymmatly önümleri öndürmäge giň ýol açyldy.