Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

05:4311.12.2019
0
5226

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle diýilýär:

«Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy degişli Kararnama bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini ikinji gezek tassyklady.

Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki işjeňligi we diplomatik wekilçiligi ýylsaýyn giňeýär. Häzirki wagtda döwletimiz 147 sany ýurt bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 47 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda Türkmenistan 150 sany halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.

Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany ilçihanasy, konsullyklary we hemişelik wekilhanalary hereket edýär. Türkmenistanda bolsa, hemişelik esasda 35 sany ilçihana, konsullyklar we 15 sany halkara guramalaryň wekilhanasy işleýär.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.

Dürli döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmelere we hökümetara toparlaryň işine giň orun berilýär. Özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmagyň bu möhüm gurallary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryna baha bermäge hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.

Hormatly adamlar!

Halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Döwletimiz bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we beýlekiler bilen işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmenistanyň birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna, bu guramanyň dürli komissiýalaryna saýlanmagy ýurdumyzyň dünýä syýasy giňişligindäki uly abraýyna şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň taýýarlanmagyna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy we olary ilkinjileriň hatarynda durmuşa geçirmäge girişmegi döwletimiz bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny görkezýär.

Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyz dünýä bileleşiginiň işlerine we halkara ösüşiň gaýragoýulmasyz meselelerine örän işjeň gatnaşýar. Halkara gün tertibine girýän derwaýys meseleler, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, sport, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýakyndan gatnaşýar.

Geçen döwürde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýokarda agzalan ugurlar boýunça 13 sany Kararnama kabul edildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2021-nji ýyl «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Garaşsyz ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şonuň netijesinde Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlyk barha ösýär we pugtalanýar. Türkmenistan Hazar sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýän örän möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Bu gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşleri döredilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy üstünlikli geçirildi.

Ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda, 2019-njy ýylda bolsa, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda baştutanlyk etdi. Bu döwürde agzalan gaznanyň we guramanyň işlerine gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşyklary we dürli maslahatlar Türkmenistanda üstünlikli geçirilip, bu guramalaryň işiniň has-da netijeli bolmagyna gönükdirilen çözgütler kabul edildi.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň