Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşdy

05:1011.12.2019
0
11068

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Irden milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu desgany gurmak ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Gap Inşaat» türk kompaniýasyna ynanyldy.

Potratçy — kompaniýanyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza lukmançylyk toplumynda gurluşyk işleriniň barşy we depgini barada hasabat berdi. Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutanyna Halkara estetiki bejeriş merkeziniň taslama çyzgylary hödürlenildi. «Gap Inşaat» kompaniýasy bu desganyň hem potratçysy bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna 240 orunlyk köp gatly awtoduralganyň, 700 orunlyk lukmançylyk kollejiniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-kliniki merkeziniň, fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamalary hödürlenildi.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň taýýarlan teklipleriniň hatarynda Mary şäherindäki mineral dökün öndürýän täze himiýa toplumynyň gurluşygynyň, Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň birinji nobatdakysyny çekmek, Balkan welaýatynda hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze elektrik stansiýalaryny gurmak baradaky taslamalar bar.

Şu ýerde Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato döwlet Baştutanynyň garamagyna Aşgabadyň günorta böleginde gurulmagy göz öňünde tutulýan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny we çyzgysyny hödürledi.

Döwlet Baştutany iş saparyny dowam edip, «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasyndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Paýtagtyň demirgazyk-günbatar böleginde, A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda ýerleşýän täze myhmanhana toplumyny «Rönesans Holding» türk kompaniýasy gurýar.

Potratçy kompaniýanyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdyrdy.

Bu ýerde täze myhmanhananyň taslama çyzgylary ýerleşdirilen planşetler goýuldy, şolary döwlet Baştutanyna Fransiýanyň «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgi hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, ozal hormatly Prezidentimiziň myhmanhana toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň başyny başlandygyny ýatlatmalydyrys. Türkmen topragynda ýerleşýän, bütin dünýäde meşhur bolan taryhy ýadygärlikleri — Nusaýy, belent minaraly Gadymy Köneürgenji, Gyzgalany alamatlandyrýan bezegler bu toplumyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýmalydyr.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Nusaý» myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň barşyna hem üns berdi. Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda gurulýan täze bäş gatly myhmanhana toplumynda otaglaryň 131-si, şol sanda standart, lýuks we VIP derejeli otaglar ýerleşer.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurulýan belent ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginde öz beýanyny tapjak mozaiki pannonyň çyzgylaryny hödürledi.

Döwlet Baştutany iş saparynyň jemini jemläp, Aşgabatda gurulýan desgalaryň ählisiniň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýokary derejesine doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy, «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň