Soňky habarlar

Arhiw

«Матч ТВ» Döwletjan Ýagşymyradow bilen Alekseý Butoriniň arasyndaky tutluşygy göni ýaýlymda görkezer

00:4311.12.2019
0
32344

14-nji dekabrda Sank-Peterburg şäherindäki «Sibir Arenada» türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow bilen russiýaly Alekseý Butoriniň arasynda ACA 103-iň tutluşygy bolar. Tutluşykda ýarym agyr agramda Döwletjan Ýagşymyradow çempionlyk guşagyny goramaga çalşar. 

Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu tutluşyk Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler. Göni ýaýlym Moskwa wagty bilen 22:00-da başlanar. Bu tutluşyga matchtv.ru, sportbox.ru saýtlary hem-de «Матч Клуб» mobil programmasy arkaly tomaşa etmek hem mümkindir. Aşgabatly sport janköýerlerine tutuşuşyga IP telewideniýeden hem göni ýaýlymda tomaşa edip boljakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň