Gökdepe etrabynda suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy

23:2010.12.2019
0
5443

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üpjünçiligini durnuklaşdyrmak maksady bilen, «Ýaňgala» geňeşliginiň çäginde gurlan suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Bu ýerde guralan dabara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen bekediň gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metre barabar kuwwaty bar. Ol «Ýaňgala» geňeşliginiň çägindäki dik guýular bilen suw geçiriji arkaly baglanyşdyryldy.

Şolardan suw bekediň howuzlaryna gelýär we arassalaýjy süzgüçlerden geçirilip, degişli derejä çenli arassalanýar. Şeýlelik bilen, arassa suw sorujy bekediň üsti bilen Gökdepe şäheriniň we etrabyň daýhan birleşikleriniň ilatyny suw bilen üpjün etmek üçin paýlaýjy ulgama geçýär.

Beketde alnyp barylýan ähli işler awtomatlaşdyryldy we onuň hereketine dürli enjamlar hem-de gurnamalar arkaly dolandyryş serişdesiniň üsti bilen gözegçilik edilýär. Bekediň önümçilik toplumyna suw sorujy enjam, her biriniň göwrümi 10 müň kub metre barabar bolan üç sany howuz, üç süzgüç enjamlary, suwy hlordan arassalaýan bölüm, elektroliz, transformator otaglary, şeýle hem edara ediş binasy girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň