Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana «KamAZ» ýük ulaglarynyň täze tapgyry geldi

22:4110.12.2019
0
18023

Russiýanyň tanymal «KamAZ» kompaniýasynyň awtotehnikasynyň nobatdaky tapgyry paromda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna getirildi. 110 awtomobiliň arasynda köp ýük göterýän ýüküni özi düşürýän awtomobiller, wahta awtomobilleri, ýangyç guýyjy, mikser-awtomobiller we tehnikanyň beýleki görnüşleri bar, olar milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda işlediler ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Täze awtomobiller ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň –Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» we «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň, Suw hojalygy döwlet komitetiniň, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Halkara deňiz portunyň we beýleki edaralaryň garamagyna berler.

Baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan dürli modifikasiýaly «KamAZ» kysymly awtotehnikanyň iki müňe golaýyny satyn alar. Awtoulaglar we ýörüte tehnika tapgyrlaýyn getiriler.

Hususan-da, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ygtyýaryna gazanylan ylalaşyga laýyklykda, tatarstanly (Russiýa Federasiýasy) hyzmatdaşlardan agyr ýük göterýän awtomobilleriň iki ýüzüsi gelip gowuşdy. Ýylyň ahyryna çenli ýörüte tehnikanyň ýene ýigrimisi getiriler.

2008-2018-nji ýyllarda ýurdumyza «KamAZ» kysymly ýük awtomobilleriniň we ýörite tehnikasynyň 9000-den gowragy getirildi. Türkmenistanda şu kysymly maşynlaryň ähli görnüşi: agyr ýük göterýän awtomobiller, «KamAZ» şassisine oturdylan beýleki ýörüte tehnika işledilýär. Aşgabat, Balkanabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinde KAMAZ-yň dilerçilik merkezleri hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň